FIFA-nyň geňeşi 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda transfer düzgünlerine wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizmäge taýýar. Bu çäreler futbolçylara şertnamalary tamamlanmazdan öň kluby üýtgetmäge mümkinçilik berer diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär. Toparlary ýaryşa gatnaşjak FIFA-nyň agza assosiasiýalary 2025-nji ýylyň 1 – 10-njy iýuny aralygynda goşmaça transfer penjiresini açyp bilerler. Bu şertnamasynyň möhleti 30-njy iýunda tamamlanýan oýunçylara başga kluba kesgitlenen möhletden ir geçmäge mümkinçilik berer. Oýunçylar bilen şertnamalary ýaryşyň ortasynda tamamlanýan klublar üçin täze futbolçylary alyp bilmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Bu, kesgitlenen çägi berjaý etmek şerti bilen, 27-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda mümkin bolar. Klublaýyn dünýä çempionaty 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek alty konfederasiýadan 32 topar gatnaşar, olaryň arasynda öňdebaryjy klublar hem bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir