Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky we Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşyklary baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, Yslam ösüş banky Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirer. Saud ösüş gaznasy Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirer. Döwlet daşary ykdysady iş banky degişli ylalaşygy baglaşar hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir