Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg Bloomberg-iň hasaby boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Ol Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan 1 mlrd dollar tapawut bilen öňe geçdi. Sukerbergiň baýlygy Meta-nyň paýnamalarynyň rekord 582,77 dollara çenli gymmatlamagy netijesinde 206 mlrd dollara ýetdi. Onuň kompaniýadaky paýy 13%-e deň. Meta maglumatlary işlemek merkezlerine we hasaplaýyş güýjüne işjeň maýa goýýar hem-de giňeldilen hakykat äýnegi Orion ýaly möhüm taslamalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanýar. Ýylyň başyndan bäri Sukerbergiň baýlygy 78 mlrd dollar artdy we bu Bloomberg reýtinginiň 500 gatnaşyjysynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Jeff Bezosyň baýlygy 205 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Reýtingde birinji orny 256 mlrd dollar bilen Ilon Mask eýeleýär. Iň baý adamlaryň bäşligine LVMH kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we prezidenti Bernar Arno (193 mlrd dollar) we Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellison hem (179 mlrd dollar) girýär. Forbes reýtinginde ýagdaý başgaça – Sukerberg Maskdan (258,7 mlrd dollar) we Ellisondan (203,3 mlrd dollar) soň üçünji orny eýeleýär (201 mlrd dollar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir