Amerikaly işewür Ilon Mask baýlygynyň azalmagyna garamazdan, yzygider üçünji ýyl ABŞ-da iň baý adam bolmagynda galýar. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär. Häzir onuň baýlygy 244 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, soňky bir ýylda onuň baýlygy 7 mlrd dollar azaldy. ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär, onuň baýlygy 197 mlrd dollara barabar. Üçünji orunda kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde baýlygyny 181 mlrd dollara ýetiren Mark Sukerberg ýerleşýär. Umuman, Forbes tarapyndan ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň sanawyna 400 adam girýär. Şu ýyl olaryň umumy baýlygy 5,4 trln dollar diýlip hasaplanylýar, bu bolsa rekord görkezijidir. Fewral aýynda Bloomberg ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň hataryna goşulmak üçin iň pes kapitalyň 5,8 mln dollara çenli artandygyny ýazdy. Bu bir ýyl ozalkydan tas 15% köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir