2-nji oktýabra geçilen gije Günde güýçli X7.1 partlamasy bolup geçdi. Onuň dowamlylygy 31 minuda ýetdi diýip, Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. Hadysa 3842 (S16E16) Gün tegmiliniň töwereginde, rentgen diapazonynda Aşgabat wagty bilen 03:20-de hasaba alyndy. Bu 2019-njy ýylyň dekabr aýynda başlan häzirki Gün döwründe ikinji güýçli partlamadyr. Birinjisi, has kuwwatly partlama X8.7 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda bolup geçdi. RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, partlama Ýere täsiri ýokary bolan zolakda ýüze çykdy. Şol sebäpli Gün plazmasynyň zyňyndylarynyň anna gününden şenbe gününe geçilýän gije Ýere ýetmegi mümkin, ýöne takyk çaklamalar heniz ýok. Gün partlamalary rentgen şöhlelenmesiniň kuwwaty boýunça bäş synpa bölünýär: A, B, C, M we X, bu ýerde X has güýçlüsidir. Şeýle hadysalarda Gün plazmalarynyň bulutlary Ýere ýetip, magnit hadysasyny döredip bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir