Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlary üçin düzüm böleklerini öndürýän Tata Electronics kompaniýasynyň zawodyndaky önümçilik dynç günleri bolup geçen ýangyndan soň näbelli möhlet bilen togtadyldy. Bu barada kompaniýanyň resmi wekillerine salgylanyp, “Golos Ameriki” habar berýär. “Biz ýangyn söndüriji ulaglary zawodda ýerleşdirdik, sebäbi heläkçilik wagtynda ýykylan üçekler aýrylanda gaýtadan ot almak ýa-da tüsse çykmak ähtimallygy bar” – diýip, etrap ýangyn gullugynyň wekili M.Belu Reuters agentligine aýtdy. Ýangyn şenbe güni irden Tamilnad ştatyndaky zawodda boldy we netijede 10 adam şikes aldy, önümçilik bolsa togtadyldy. Apple bu waka teswir bermedi, Tata Electronics häzirki wagtda ýangynyň sebäbiniň derňelýändigini aýtdy. Zawod iPhone üçin möhüm yzky panelleri we käbir beýleki bölekleri öndürýär. Şol toplumda ýene bir desga ýylyň ahyryna çenli iPhone ýygnap başlamalydy, ýöne häzirlikçe oňa näderejede zeper ýetendigi belli däl. Hindistanyň 165 mlrd dollar bahaly Tata Group senagat toparynyň düzümine girýän Tata Electronics Taýwanyň Foxconn kompaniýasy bilen birlikde Apple-iň Hindistanda esasy üpjün edijileriniň biridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir