Şu ýyl amerikalylaryň 31-nji oktýabrda bellenilýän “Halloween” baýramçylygy üçin çykdajylary geçen ýylky taryhy görkezijiden peseler. Muny Milli bölek söwda federasiýasynyň (NRF) her ýyl geçirilýän pikir soraşmasynyň netijeleri delillendirýär diýip, Interfax.ru habar berýär. Şu ýyl çykdajylaryň umumy möçberiniň 2023-nji ýyldaky 12,2 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 11,6 mlrd dollar bolmagyna garaşylýar. “Halloween” baýramçylygyny bellemäge bir ýyl ozalky rekord 73% bilen deňeşdirilende, sorag edilenleriň 72%-i gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, sarp edijiler baýramçylyga ortaça 103,63 dollar harçlamagy meýilleşdirýärler, bu bolsa geçen ýylky iň ýokary görkeziji bolan 108,24 dollardan azdyr diýlip, NRF-iň habarynda aýdylýar. Çykdajylaryň ep-esli bölegi geýilýän dürli hilli geýimleriň paýyna düşýär. Ulular üçin geýimleriň arasynda iň köp saýlanýany henizem jadygöý aýal (5,8 mln adam) we wampirdir (3 mln), olaryň yzyndan pişik (1,6 mln), Betmen (1,5 mln) we garakçylar (1,4 mln) gelýär. Çagalaryň arasynda Spaýdermeniň geýimi has meşhur (2,6 mln adam). Şeýle-de, arwahyň (1,8 mln), şa gyzynyň (1,7 mln) we jadygöýiň (1,6 mln) geýimleri has makul bilinýär. Öý haýwanlary üçin kädi (10%), hot-dog (6%), ýarganat (4%) we ş.m. saýlanýar. Baýramçylykda çagalara paýlanýan süýjüler üçin şu ýyl 3,5 mlrd dollar sarp ediler. Ýene 3,8 mlrd dollar öýleri bezemek, 0,5 mlrd dollar otkrytkalar üçin harçlanar. 3 – 8-nji sentýabrda NRF tarapyndan geçirilen pikir soraşma tas 8 müň amerikaly gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir