BYD we Huawei awtoulagy ýolsuz ýerden aňly dolandyryş üçin çözgüt işläp taýýarlamaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar. Şertnama iki kompaniýanyň hem baş edaralarynyň ýerleşýän ýeri bolan Şençžende gol çekildi diýip, IXBT habar berýär. Şertnama BYD-e degişli bolan Fang Cheng Bao brendi üçin bilelikdäki gözlegleri çuňlaşdyrmaga we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Aňly dolandyryş çözgüdi bilen üpjün ediljek ilkinji awtomobil Fang Cheng Bao Leopard 8 modeli bolar. Awtoulag Huawei-niň Qiankun ADS 3.0 ulgamyny ulanar, bu ADS 2.0-yň toplumlaýyn täzelenen wersiýasydyr. Täze ulgam goşmaça maglumatlar bilen okatmagyň we hakyky synaglaryň netijesinde ýollary we şekilleri tanamagy has kämilleşdirýär. Qiankun ADS 3.0 ulgamy awtoulagyň duralgada goýulmagyny we dürli ýagdaýlarda çaknyşmalaryň öňüni almagy üpjün edýär. Ulgam sürüjä awtoduralganyň islendik ýerinde çykmaga, awtoulagyň bolsa özüniň ýerleşmegine mümkinçilik berýär. Öň, bu ulgam Luxeed S7 flagman modelinde gurnalypdy. Geljekde bu çözgüdi BYD-yň Fang Cheng Bao brendiniň beýleki modellerinde hem ulanmak meýilleşdirilýär.