Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isibany Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady diýip, TDH habar berýär. Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir