Olimpiýa halkalary Parižiň Eýfel diňinden aýryldy. Bu barada RMC Sport habar berýär. 7-nji iýunda, 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary başlamazdan 50 gün öň Eýfel diňinde bäş sany Olimpiýa halkasy oturdyldy. 112 günden soň, 27-nji sentýabra geçilen gije bolsa bu halkalar aýryldy. 30 tonna agramly gurluş gaýtadan işlenen polatdan ýasalypdy we diňiň günorta tarapynda ýerleşip, Sena derýasyna bakdyryldy. Her bir halkanyň diametri 9 m barabar. Şeýle-de bolsa, Olimpiýa halkalarynyň Eýfel diňinde ýene peýda bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda halkalaryň has ýeňil görnüşi taýýarlanylýar we ony 2028-nji ýylda geçiriljek indiki tomusky Olimpiýa oýunlaryna çenli galdyrmak meýilleşdirilýär. “Halkalar tomus döwri üçin ArcelorMittal tarapyndan ýasaldy. Agramy we gurluşy sebäpli olar diňde galyp bilmeýär, sebäbi onuň üçin howp döredýär” – diýip, 6-njy sentýabrda Parižiň häkiminiň sport boýunça orunbasary Pýer Rabadan aýtdy. Parižde Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir