Iň ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Aljameýn Sterling 8-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriljek UFC 310 ýaryşynda ýarym ýeňil agramly russiýaly söweşiji Mowsar Ýewloýew bilen duşuşar. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Sowetskiý sport” habar berýär. Ilkibaşda söweş 5-nji oktýabra meýilleşdirilipdi we UFC 307-niň çäklerinde geçmelidi, ýöne amerikaly şikes sebäpli söweşden çekildi. 35 ýaşly Sterling ýeňil diwizion reýtinginde dokuzynjy orunda ýerleşýär. Ol garyşyk başa-baş söweşde (MMA) 28 söweşe gatnaşyp, 24 ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň 13-nji aprelinde UFC 300 ýaryşynyň çäklerinde çehiýaly Kelwin Ketterden üstün çykdy. 29 ýaşly Ýewloýew ýarym ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde altynjy orny eýeleýär. Ol MMA-da 18 söweşe gatnaşyp, ählisinde ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda UFC 297 ýaryşynda angliýaly Arnold Alleni ýeňdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir