Xiaomi 15 smartfony öň Snapdragon 8 Gen 4 diýlip atlandyrylan Qualcomm-dan täze Snapdragon 8 Elite çibini aljak ilkinji gurluş bolar. Bu barada IXBT habar berýär. Bu 3 nm çibiň öňki Snapdragon 8 Gen 3 wersiýasy bilen deňeşdirilende grafiki öndürijiligi 56% ýokarlandyrmagyna garaşylýar. Smartfonyň tanyşdyrylyşy 23-nji oktýabra meýilleşdirildi, bu bolsa çibiň bu seneden öň anons edilmegini görkezip biler. Mundan başga-da, Xiaomi 15 Pro 90 Wt çalt zarýad goldawyny alar, bu 120 Wt goldawyny alan öňki nesilden pesdir. Gurluş bazara Android 15 esasly HyperOS 2.0 operasion ulgamy bilen iberiler. Şeýle-de, Snapdragon 8 Elite çibiniň eýýäm Geekbench platformasynda görlen geljekki Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonynda peýda boljakdygy habar berilýär.