Hytaýyň Ýanbýan-Koreýa awtonom okrugynyň asmanynda 7598 dronyň gatnaşmagynda uly şüweleň geçirildi. Okrugyň 72 ýyllygyna bagyşlanan bu şüweleň howada şol bir wagtyň özünde şekil döredýän dronlaryň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär. Çäre Shenzhen Damoda Intelligent Control Technology Co., Ltd kompaniýasy tarapyndan gurnaldy. Täze rekord 2020-nji ýylda goýlan öňki rekorddan iki esse köp boldy, şol wagt Hytaýyň Çžuhaý şäheriniň asmanynda şekil emele getirmäge 3051 dron gatnaşdy. Ýanbýanda dronlar Beýik Hytaý diwary, aždarha ýaly şekilleri emele getirdiler, şeýle-de ýerli medeniýetiň nyşanlaryny – azaliýa gülüni we tansçylary şekillendirdiler. Şekilleriň görkezilişini dolandyrmak üçin her bir dronyň ýagdaýyna gözegçilik edýän bary-ýogy bir noutbuk ulanyldy. Şekiller howada azyndan 20 sekunt saklandy, ahyrky gaplaňyň şekili bolsa 37 sekunt dowam etdi. Şüweleň tamamlanandan soň asman feýerwerkler bilen ýagtyldy. On müňlerçe adam bu şüweleňiň şaýady boldy.