2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finaly ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň “Metlaýf-stedium” meýdançasynda geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär. FIFA ýaryşyň oýunlaryny kabul etjek 12 stadionyň sanawyny tassyklady. Sanawa “Atlanta Ýunaýtediň” öý meýdançasy, şeýle-de Maýami, Sinsinnati, Neşwill, Şarlott, Los-Anjeles, Filadelfiýa, Sietl, Waşington şäherlerindäki stadionlar we Orlandodaky iki meýdança girdi. Ilkinji gezek täze formatda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 13-nji iýuly aralygynda geçer. Ýaryşa Ýewropadan 12 klub, Günorta Amerikadan 6 klub, Demirgazyk Amerikanyň, Afrikanyň we Aziýanyň her birinden 4 klub, Okeaniýadan bir klub we ýaryşyň ýer eýesi hökmünde ABŞ-dan bir wekil gatnaşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir