Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 14 5G modeli bilen smartfonlar hatarynyň üstüni ýetirdi. Täze önümde FHD+ durulygy we täzeleniş tizligi 120 Hz bolan 6,67 dýuýmlyk OLED displeý, şeýle hem Corning Gorilla Glass 5 gorag aýnasy bar diýip, GSMArena ýazýar. Redmi Note 14 5G-niň tehniki häsiýetnamasy: Ekrany: 6.67 dýuýmlyk OLED, FHD +, 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy 2100 kd / m2 çenli Prosessory: MediaTek Dimensity 7025 Ultra, 2,5 GGs Ýady: 6/8/12 GB RAM, 128/256 GB içerki, microSD goldawly Kameralary: 50 MP (esasy, Sony LYT-600, optiki stabilizasiýa), 2 MP (makro) Batareýasy: 5110 mAh, 45 Wt çalt zarýad bermek Programma üpjünçiligi: Xiaomi Hyper OS (Android 14) Bahasy: 1199 ýuandan ($ 170) başlaýar Redmi Note 14 5G üç reňkde bolýar: Starry White, Phantom Blue we Midnight Black. Smartfon bilen bir hatarda, Xiaomi Redmi Buds 5-iň mirasdüşeri bolan simsiz Redmi Buds 6 gulaklyklaryny hödürledi. Redmi Buds 6-nyň esasy aýratynlyklary: Draýwerleri: 12,4 mm dinamiki (titan) we 5,5 mm pýezoelektrik twitterleri Galmagaly basyşy: 49 dB-ä çenli işjeň galmagaly basyş (ANC), üç režimde Ses: 360 dereje giňişlikdäki ses, düzülip bilinýän ekwalaýzer Baglanyşygy: Bluetooth 5.4, bir wagtyň özünde iki enjama birikdirip bolýar Iş wagty: 42 sagada çenli (zarýad berijisi daşlykly) Bahasy: 199 ýuan (30 dollar) Redmi Buds 6 ak, gara we mawy reňklerde bolýar.