Irlandiýanyň Mit graflygyndan 15 ýaşly Killian O’Konnor 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bir minutda ýerine ýetirilen fokuslaryň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ýaş gözbagçy 60 sekuntda 28 fokus görkezdi. Onuň üstünligi ýetginjegi “hakyky Harri Potter” diýip atlandyran Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Killian tarapyndan görkezilen fokuslaryň arasynda jadyly taýajygyň peýda bolmagy we galamyň ýitmegi, şeýle-de ýüpek lentalaryň reňkleriniň üýtgemegi bar. Killian gözbagçylyk bilen ýedi ýaşynda, daýysy ilkinji fokusy görkezenden soň meşgullanyp başlady. Ol 2023-nji ýylda Britain’s Got Talent gepleşigine gatnaşyp, 3-nji orny eýeledi. Ýetginjek jadygöýligiň diňe bir zehinini açmaga däl, eýsem sosial başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek edendigini belledi. Ýaş gözbagçy Rekordlar kitabyna girmegi hemişe arzuw edendigini we indi özüni taryhyň bir bölegi duýýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir