Google 2021-nji ýylda öňki işgäri Noam Şazir tarapyndan döredilen Character AI startapynyň tehnologiýalaryna ygtyýarnama almak üçin 2,7 milliard dollar töledi. Forbes-iň habar bermegine görä, Google-yň esasy maksady emeli aň pudagyndaky gözlegleri bilen tanalýan Şaziri yzyna kompaniýa gaýtaryp getirmekdi. Şazir häzirki wagtda Google-da wise-prezident bolup işleýär we kompaniýanyň Gemini ýaly AI algoritmlerini ösdürmegiň üstünde işleýär. Habarly çeşmäniň berýän maglumatyna görä, bu hünärmeniň gaýdyp gelmegi üçin Google şeýle uly mukdardaky puly tölemäge razy boldy. Noam Şazir 2000-nji ýyldan bäri Google-da işleýärdi. 2017-nji ýylda ol kärdeşleri bilen bilelikde generatiw nerw ulgamynyň tehnologiýalarynyň başlangyç nokady diýlip atlandyrylýan "Üns beriň – bu size gerek zatlar" atly makalany çap etdi. Şazir 2021-nji ýylda Google-dan çykyp, kompaniýany innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berýän býurokratçylykda günäkärledi. Onuň döreden Character AI-si 150 million dollar maýa goýumyny özüne çekdi we gymmaty 1 milliard dollara barabar boldy. OpenAI we Microsoft bilen bäsleşik şertlerinde Şazir täze maliýe çeşmelerini gözledi we ahyrda Google-yň enelik kompaniýasy Alphabet bilen ylalaşyk baglanyşdy. Ylalaşygyň netijesinde Şazir we onlarça Character AI-niň işgäri Google-a geçdiler.