Samsung kompaniýasy has özüne çekiji bahadan flagman tehnologiýalaryna elýeterliligi hödürleýän täzelenen Galaxy S24 FE smartfonyny tanyşdyrdy diýip, 3DNews ýazýar. Galaxy S24 FE öňküsinden kämilleşdirilen prosessory, has uly batareýasy, şeýle hem OneUI 6.1.1-e integrirlenen täze AI aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Enjam dört reňkde bolup, 3-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Häsiýetnamasy: Ekrany: 6,7 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X, 2340 × 1080 piksel, 120 Gs, Gorilla Glass Victus + Prosessory: Samsung Exynos 2400e (10 ýadro: 1x Cortex-X4 3.1 GGs, 5x Cortex-A720 2,6-2,9 GGs, 4x Cortex-A520 2,0 GGs) Ýady: 8 GB RAM, 128/256/512 GB ROM Kameralary: Öň tarapky: 10 MP, f / 2.4, awtofokus Esasy: 50 MP, f / 1.8, Dual Pixel, optiki stabilizasiýa Giň burçly: 12 MP, f / 2.2 Telefoto: 8 MP, f / 2.4 Batareýasy: 4700 mA·h Ölçegleri: 162 × 77,3 × 8,0 mm Agramy: 213 gr Gorag: IP68 Operasiýa ulgamy: Android 14, OneUI 6.1.1 Reňkler: “grafit”, “çal”, “mawy”, “narpyz” Bahasy: 649 $ -dan başlaýar (128 GB wersiýa üçin) Çykjak senesi: 3-nji oktýabr

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir