Anker tehnologiýalary we gurluşykda berkitmek işleri boýunça çözgütleri bilen dünýä belli lider bolan Germaniýanyň “FISCHER” kompaniýasy Türkmenistanda önümlerini hödürläp başlady. Strategiki ähmiýetli bu karar kompaniýanyň Merkezi Aziýada işini giňeltmekde möhüm ädimdir. Kompaniýanyň önümleriniň hatarynda: himiki we mehaniki anker sistemalary; demir-polat we plastik dýubeller; uly göwrümde şuruplar; deşiji burawlar; ýapyşdyryjylar; suw syzdyrmasyna garşy önümler; daşarky fasad sistemalary; ýylylyk, wentilýasiýa, elektrik we turba geçirijileriniň montažy ýaly işlerde ösen tehnologiýalara esaslanýan önümler bar. FISCHER ýurtda giň gerimli gurluşyk we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek innowasion berkidiji çözgütleri we ösen tehnologiýalary hödürläp, türkmen bazaryndaky işjeňligini ösdürmegi maksat edinýär. Kompaniýa hyzmatdaşlaryna we müşderilerine iň berk standartlara we talaplara laýyk gelýän ýokary hilli önümleri hödürlemäge taýyn. Önümler ISO, ETA, EAD EN 1992-4, FRC, ICC-ES, Seismic C1, C2 ýaly hil we howpsuzlyk şahadatnamalaryna eýe. Eltip bermek hyzmaty şäher içine hem-de welaýatlara ýerine ýetirilýär. “Fischer” kompaniýasynyň esaslandyryjysy barada Kompaniýanyň esaslandyryjysy Artur Fişer gurluşyk işlerinde nurbady pugta berkitmek üçin ulanylýan dýubeliň oýlap tapyjysydyr. Ol şeýle hem polat labyrlarda, perforatorlarda, betona parça berkitmekde oýlap tapyşlary bilen dünýä taryhyna iň köp patentli oýlap tapyjy hökmünde taryha girendir (2013-ýyla çenli 1136-sany patent). 2014-nji ýylda Artur Fişer oýlap tapyşlary bilen gazanan üstünlikleri üçin Ýewropa patent guramasy tarapyndan abraýly baýraga mynasyp boldy. Salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Senagatçylar zolagy, Binagär köçesi, 12 E-mail: tmfischertm@gmail.com Telefon: +99365 81-48-17

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir