Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ýene iki ýyldan Marsa bäş sany pilotsyz Starship kosmos missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Mask öz sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi. RBK-nyň belleýşi ýaly, bu missiýalaryň üstünlikli bolmagy ekipažyň Gyzyl Planeta iberjek wagtyna täsir eder. Eger synaglar üstünlikli geçse, Marsa ýene dört ýyldan adam uçurylyp bilner. Mesele ýüze çyksa bolsa, uçuş iki ýyl yza süýşüriler. Mask ozal Starship-iň Marsa ýene iki ýyldan, Ýer bilen Marsyň arasyndaky indiki transfer penjiresi açylanda uçuryljakdygyny mälim edipdi. Şeýle hem, Mask onýyllygyň ahyryna çenli Starship-i Aýa ýük we adam äkitmekde, soňra bolsa Marsa gämi ibermekde ulanmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. Şol bir wagtda, NASA Aýa uçmak we gonmak boýunça Artemis II we Artemis III missiýalarynyň möhletini 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli yza süýşürdi. Deslap uçuşlar 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir