Paramount Pictures kinokompaniýasy “Gladiator 2” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Golliwudyň iň meşhur peplum žanrly filmleriniň biriniň dowamy Ýewropada 15-nji noýabrda, ABŞ-da bolsa bir hepde soň, 22-sine prokata çykar. Täze film birinji bölümdäki wakalardan 25 ýyl soň bolup geçen wakalar barada gürrüň berýär. Film baş keşbi Rassel Krouwyň ýerine ýetirmegindäki asyl film bilen baglanyşykly bolup, täze gladiatoryň döremegi barada gürrüň berer. Filmde baş keşpleri Pol Meskal (“Güneşim”, Солнце моё), Pedro Paskal (The Last of Us), Denzel Waşington (“Gahar”, Гнев) we Jozef Kuinn (“Ümsüm ýer: Birinji gün”, Тихое место: День первый) ýerine ýetirdi. Birinji filmdäki rollaryna Konni Nilsen (Lusilla) we Derek Jeýkobi (senator Grakh) gaýdyp geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir