Hyundai elektromobillere ýolda zarýad bermäge mümkinçilik berjek täze dinamiki simsiz zarýad beriş tehnologiýasyny patentledi. Kompaniýa bu ulgamyň üstünde yhlasly işleýär diýip, 32cars.ru habar berýär. Tehnologiýa smartfonlara simsiz zarýad bermek prinsipine esaslanýar. Şeýle-de bolsa, elektromobillere zarýad bermek, ýoluň deň däl ýerlerinde ulagyň we ýoluň aralygynyň üýtgäp durmagy sebäpli, has çylşyrymly çözgütleri talap edýär. Hyundai ýoluň beýikligine uýgunlaşyp bilýän ulgamy hödürledi. Şeýle hem bu ulgam aýratyn hem zeper ýeten ýollarda peýdaly bolup biljek, zarýad almak üçin iň amatly ýoly saýlamakda kameralardan we datçiklerden maglumatlary ulanýar. Bu bolsa çukurlardan sürüp geçeniňizde elektromobiliň zarýad almagynyň kesilmeginiň öňüni almaga kömek eder. Şuňa meňzeş zarýad beriş ýollary ABŞ-da we Ýewropada eýýäm synagdan geçirilýär. Hyundai tehnologiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, zarýad bermegiň wagtyny ep-esli azaldyp, elektromobilleriň köpçülikleýin kabul edilmegini çaltlaşdyryp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir