YouTube kompaniýasy Premium hasabyna abuna ýazylmagyň ep-esli gymmatlandygyny we bu täzeligiň noýabr aýyndan güýje girjekdigini mälim etdi. Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýaly käbir sebitlerde bahalar 50%-e çenli ýokarlanar diýip, Android Police çeşmesi habar berýär. Hususan-da, Irlandiýada, Belgiýada, Niderlandlarda we Italiýada maşgala abuna ýazylyşygynyň bahasy 18 ýewrodan 26 ýewro çenli, şahsy abuna ýazylyşygy bolsa 12 ýewrodan 14 ýewro çenli gymmatlar. Şweýsariýada maşgala abuna ýazylyşygy 24 frankdan 34 franka çenli, şahsy abuna ýazylyşygy 16 frankdan 18 frank aralygynda gymmatlar. Şwesiýada şuňa meňzeş maşgala abuna ýazylyşygynyň bahasy 179 krondan 279 krona çenli gymmatlar. Bu YouTube Premium-yň soňky bir ýylda ikinji gezek ýokarlanyşydyr we bu gezek ol ABŞ-nyň daşyndaky beýleki ulanyjylara, şol sanda Singapuryň, Tailandyň we Indoneziýanyň abunaçylaryna täsir eder. Hindistanda abuna ýazylmagyň bahalary bary-ýogy bir aý mundan öň 20% ýokarlanypdy. Premium-yň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen, YouTube hyzmatyň mugt wersiýasyny ulanyjylar üçin mahabat girdejileriniň täze çeşmelerini gözlemegini dowam etdirýär. Geçen ýyl Smart TV-de öçürip bolmaýan mahabat peýda boldy, ýakynda bolsa tomaşa edilýän wagty arakesmede mahabaty görkezjek täze Pause Ads formaty yglan edildi.