26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän toý dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege goldaw bermek esasynda işjeň ösdürilendigi we kämilleşdirilendigi nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow sport hereketini ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň we beýleki degişli desgalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Söhbetdeşler Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen halk oýunlaryny dikeltmekde we gorap saklamakda uly işleri alyp barýandygyny bellediler. Türkmenistanda hereket edýän Milli sport oýunlarynyň merkezi hem şu konfederasiýanyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda sport diplomatiýasyny ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir