26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we onuň gurluşyk hem-de senagat kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabatda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu maksatnamanyň esasy maksady paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmekden ybaratdyr. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir