Täze çykan gymmat smartfonlary "ýowuz" synaglara sezewar etmek bilen belli bolan YouTube blogeri JerryRigEverything täze iPhone 16 Pro Max-yň berkligini barlamak üçin däp bolan synaglary geçirdi hem-de iPhone-yň gurluşynyň güýçli we ejiz ýerlerini açyp görkezdi. Korpusy urga çydamly bolsa-da, netijeler sapfir çüýşesinden ýasalan kamerany dolandyryş düwmesiniň aslynda Moos şkalasy boýunça 6 gatylygy bilen çyzylma durnuksyz material bilen örtülendigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, Apple ekrany goramak üçin ýörite aýna ulanýar, aýna sapfirden pes bolsa-da, adaty aýna bilen deňeşdirilende, çyzylma durnuklydyr. iPhone 16 Pro Max-yň ekranynyň gorag aýnasy gatylygy 6 dereje bolan materiallar bilen çyzylýar, ýöne çyzygyň çuňlugy beýleki smartfonlaryň köpüsinden ep-esli azdy. Täze önümiň titan garyndysyndan ýasalan korpusy deformasiýa we egrelmeklige ýokary durnuklylyk görkezdi. Smartfonyň ekrany görnüp duran zyýan ýetmezden, zažigalkanyň oduna çydamlydygyny görkezdi. Şeýle hem smartfon haýsy tarapyndan bassaňam - öň paneldenmi ýa-da arka tarapdan - egrelmeýän bolup çykdy. JerryRigEverything geljekde şeýle ýokary durnuklylygyň sebäplerini anyklamak üçin smartfony sökmekçidigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir