BMW-niň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Redwood Materials bilen elektrik ulaglarynda we gibridlerde ulanylýan litiý-ion batareýalaryny gaýtadan işlemek boýunça strategik hyzmatdaşlyk gazandy diýip, 32cars.ru habar berýär. Beýanata görä, nikel, kobalt, litiý we mis ýaly gymmatly metallaryň 95%-den gowragy köne akkumulýatorlardan çykarylyp alnyp, önümçilik zynjyryna gaýtarylar. Bu ädim diňe bir täze batareýalary öndürmekde çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigy baýlyklary hem tygşytlamaga kömek eder. BMW North America bilen Redwood Materials-yň bilelikdäki tagallalary ýapyk görnüşli batareýa üpjünçilik zynjyryny döretmekde hyzmatdaşlyk etmeklige gönükdirilendir. Bu karar BMW-ni awtoulag pudagynda öňdebaryjy edip, kompaniýanyň durnukly ösüşe we daşky gurşawy goramaklyga ygrarlylygyny goldaýar. Bu işde BMW-iň Günorta Karolinadaky zawodlary möhüm rol oýnar. Olar diňe bir batareýalary öndürmek bilen çäklenmän, elektrik ulaglarynyň täze modellerini çykarmak bilen hem meşgullanarlar, bu ABŞ-yň bazarynyň kompaniýa üçin ähmiýetlidigini tassyklaýar. Günorta Karolina eýýäm elektrik ulagy pudagynda awtoulag maýa goýumlarynyň merkezine öwrülýär.