Netflix akym hyzmaty 2024-nji ýylda öz taslamalaryna nähili tomaşa edilendigi barada maglumatlary hödürläp, platformanyň iň meşhur filmlerini we seriallaryny kesgitledi. Ýylyň birinji ýarymynda iň meşhur film baş keşbi Milli Bobbi Braunyň ýerine ýetirmeginde “Gyz we aždarha” (Дева и дракон) boldy. Garaňky fentezi hökmünde surata düşürilen filme 143 mln gezek tomaşa edildi. Onuň yzyndan Kewin Hart bilen “Howa talaňçylygy” (Воздушное ограбление) komediýa hereketli filmi gelýär (129 mln). Üçünji orunda Huan Antonio Baýonanyň “Gar jemgyýeti” (Общество снега) trilleri ýerleşdi (103 mln). Seriallaryň arasynda “Bir gezek aldap” (Единожды солгав, 107,5 mln tomaşa) öňde barýar. Şeýle-de, ilkinji bäşlige “Brijertonlaryň” (Бриджертоны) üçünji möwsümi (91,9 mln), “Sugun çagasy” (Олёненок, 87,6 mln), Gaý Riçiniň “Jentlmenleri” (Джентльмены, 75,9 mln) we “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге, 71,1 mln) girýär. 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda Juliýa Roberts bilen “Dünýäni yzda goý” (Оставь мир позади) we “One Piece. Uly olja” (One Piece. Большой куш) mangasynyň ekranlaşdyrylmasy has meşhur boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir