App Store-da bir ulanyja niýetlenen täze sosial ulgam - SocialAI peýda boldy. Ozal Facebook-da işlän 28 ýaşly Maýkl Saýman tarapyndan işlenip düzülen bu ulgam hakyky adamlaryň ýerine emeli aň bilen işleýän botlar bilen özara täsirleşilýändigi bilen tapawutlanýar diýip, TechCrunch habar berýär. Ulanyjy ýazgylary çap edip biler, dürli botlardan teswirler we jogaplar alyp biler, munda petiklenmek ýa-da senzura düşmek töwekgelçiligi doly aradan aýrylýar. Tor Twitter-i ýatladýar, ýöne ähli täsirleşmeler programmalaşdyrylýan botlar bilen bolup geçýär, olaryň hersiniň - optimizmden başlap, teýeneli gödeklige çenli - özboluşly häsiýeti bar. Ulanyjy daş-töweregini düzmek üçin "abunaçylaryň" mümkin bolan 32 kategoriýasyndan "janköýerler", "akmaklar", "okumyşlar", "çirliderşler" we "intellektuallar" ýaly toparlary öz içine alýan birnäçe kategoriýasyny saýlap biler. Programma aragatnaşygyň özboluşly tejribesini döretmek bilen, ulanyjynyň isleglerine esaslanýar. Işläp düzüjiler ähli özara gatnaşyklaryň gizlinligi saklanar we senzura bolmaz diýip wada berýärler. Maýkl Saýman ulanyjylaryň öz pikirini erkin beýan edip, şahsy seslenmeleri alyp biljek ygtybarly giňişligini döretmek pikirini köpden bäri kellesinde bişirip gezendigini aýtdy. Saýman tarapyndan döredilen Friendly Apps kompaniýasy 2022-nji ýylyň maý aýynda bu taslamany ösdürmek üçin 3 million dollar maýa goýdy. SocialAI-ni indi mugt göçürip alyp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir