Volkswagen sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ünsi jemläp, sürüjilere kömek ulgamyny ösdürmegi dowam etdirýär. Kompaniýa ýolda goragy gowulandyrjak birnäçe ösüşi kämilleşdirýär diýip, Auto Express habar berýär. Gyzykly täzelikler: Proactive Occupant Protection: heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda howpsuzlyk kemerleri awtomatiki usulda çekilýär we howpsuzlyk ýassyklarynyň amatly bolmagy üçin penjireler birneme açylýar. Hakyky şertlerde ulgam duýduryşlary awtomatiki işjeňleşdirýär we gyssagly kömek hyzmatyna jaň edýär. Emergency Assist: sürüji huşuny ýitirse ýa-da destiň başynda irkilse ulgam kömek edýär. Eger 20 sekundyň içinde sürüjiden hiç hili yşarat almasa, ulgam duýduryş berip başlaýar we jogap bolmasa, awtoulag tormozy basmak we howpsuzlyk kemerini dartmak arkaly yşarat berýär. Sürüji muňa-da reaksiýa bildirmese, awtoulag ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylarynyň ünsüni çekmek üçin heläkçilik çyralaryny we duýduryşyny ýakyp, ýoluň gyrasyna, howpsuz ýere çykýar. Proactive Pedestrian Protection: “ýumşak kapot” bilen pyýadalary goraýyş ulgamy. Mehanizmi ýönekeý: awtonom işleýän gyssagly tormoz (AEB) ulgamyna birikdirilen datçikler potensial pyýadany tapanda kapot puržiniň kömegi bilen ýokary galýar. Şeýle çemeleşme abatlamagy aňsatlaşdyrýar we çykdajylary azaldýar. Intersection Assist: öň bamperdäki radar datçikleri göz açyp-ýumasy salymda - 400 millisekuntda tormozlary işjeňleşdirip, çatryklarda çaknyşmagyň öňüni alýar.