Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024-nji ýylyň 25-30-njy noýabry aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde Himiýa dersi boýunça geçirilýän III Halkara olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi resmi saýtynda isleg bildirýänleri olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär: Şahsy bäsleşik A we B derejede geçirilýär: a) A derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilýär. b) B derejä hünär ugry himiýa bolmadyk talyplar gatnaşyp bilýär. Şahsy bäsleşigiň netijesi boýunça toparlaýyn bäsleşigiň jemi jemlener. Olimpiada iki tapgyrda geçirilýär: - A derejäniň birinji tapgyry organiki däl himiýa we fiziki himiýa boýunça, ikinji tapgyr organiki himiýa we analitiki himiýa boýunça ýazmaça görnüşinde geçirilýär; - B dereje üçin birinji tapgyr test görnüşinde, ikinji tapgyr ýazmaça görnüşinde geçirilýär. Çagyrylan her ýokary okuw mekdebinden her dereje üçin gatnaşyjylaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünärmen derejelerinden) we bir ýolbaşçydan (4+1 görnüşinde) geçmeli däl. Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebine üç mesele hödürlemäge hukuk berilýär. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk iş toparyna 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli olimptsu@gmail.com elektron poçta arkaly ugradylmaly. Hödürlenen meseleler kabul edilen halatynda toparyň ýolbaşçysy eminler toparynyň başlygynyň razylygy bilen eminler toparynyň agzalygyna girizilip bilner. Olimpiada gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertli umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda ugradýan tarapyň hasabyna tölener. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänler ýokary okuw mekdebiniň resmi haty arkaly toparyň düzümi baradaky maglumaty, şeýle hem doldyrylan hasaba alnyş kagyzyny we şahsy kagyzyny olimptsu@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Hasaba alnyş 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eder. Habarlaşmak üçin: Telefon: +99364 050124; +99363 699364. Elektron salgysy: olimptsu@gmail.com

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir