NASA Europa Clipper kosmos enjamynyň Ýupiteriň hemrasy - Ýewropanyň ýanyna uçurylmagyny tassyklady diýip, Space portaly habar berýär. SpaceX Falcon Heavy raketasynyň uçuşy 10-njy oktýabra meýilleşdirilendir. Enjam radiasiýa garşy durnuklylyk synagyndan üstünlikli geçdi. Europa Clipper Ýewropanyň ýerasty ummanyny öwrenmek we ýaşaýyş üçin laýyklygyny bahalandyrmak üçin döredildi. Ozal gyssagly synaglara sebäp bolan enjamyň tranzistorlarynyň ygtybarlylygyna şübhe döreýärdi. Taslamanyň ýolbaşçysy Jordan Ewansyň pikiriçe, Ýewropanyň gabadyndan 49 aýlaw wagtynda tranzistorlar peselip bilerler, ýöne olaryň her ýakynlaşmanyň arasynda üç hepdäniň içinde dikelmegine garaşylýar. Bu missiýanyň Ýupitere ýetmegi üçin alty ýyl gerek bolar. Europa Clipper 25 km çenli uzaklykda Ýewropanyň gabadyndan onlarça uçuşy amala aşyryp, planetanyň daşyndan aýlanar. Europa Clipper NASA tarapyndan beýleki planetalary öwrenmek üçin gurlan iň uly kosmos enjamy bolar. Gün panellerini goşmak bilen onuň ululygy takmynan 30 m, agramy bolsa 6000 kg.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir