Golliwudyň 34 ýaşly aktrisasy, “Barbi” filminde baş keşbi ýerine ýetiren Margo Robbi Chanel №5 atyrynyň ýüzi boldy. Ol bu barada WWD fashion-neşirine beren interwýusynda aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, aktrisa 2018-nji ýyldan bäri fransuz moda brendi bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Asyl hoşboý ys 1921-nji ýylda döredildi, 1924-nji ýylda eau de toilette, 1986-njy ýylda bolsa eau de parfum çykaryldy. 2008-nji ýylda bu ysyň Eau Premiere, 2016-njy ýylda Chanel-iň ştat parfýumeri Oliwýe Polž tarapyndan döredilen L’Eau görnüşi çykdy. Öň, Katrin Denýow we Nikol Kidman hem bu atyryň ýüzi bolupdy. Atyryň ilkinji mahabatynda Koko Şaneliň özi surata düşdi. Bu topara 1952-nji ýylyň aprel aýynda Time üçin makalada Chanel №5 bilen uklaýandygyny aýdan Merilin Monro hem goşulýar. “Bu meşhur brend. Ol hemişe hakyky gözellik bilen baglanyşýar. Men Chanel-e hemişe şeýle garaýardym” – diýip, Robbi belledi. Atyryň täze mahabat wideosyny Luka Guadanino düşürdi, Margo Robbi wideoda Jeýkob Elordi bilen peýda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir