Ýakynda tanyşdyryş dabarasynda Apple işjeň galmagalyň sesini basýan AirPods 4 nauşnikleri bilen tanyşdyrdy, ýöne onuň netijeliligi AirPods Pro 2–niňkiden iki esse pes boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara salgylanýan 9to5mac portaly habar berdi. Apple modelleriň arasyndaky esasy tapawudyň gurluşlaryndadygyny takyklaýar: AirPods Pro-nyň wkladyşlary bar, AirPods 4-iň bolsa - “gurluşy açyk”. Galmagaly peseltmek üçin kämilleşdirilen mikrofonlarynyň we H2 çipiniň bardygyna garamazdan, AirPods 4 galmagaly basmakda Pro 2 modelinden pesdir. Kompaniýa AirPods 4-iň uçaryň sesi ýa-da şäher gatnawy ýaly, daşarky galmagallary basmak üçin niýetlenendigini we aç-açanlyk režimi hem-de adaptasiýa ses sazlamasy bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtaýar. Şeýle hem täze önüm ulanyjy gepleşýän wagtynda aýdym-sazyň sesini peseldýän aç-açanlyk režimine we söhbetdeşligi tanamak funksiýasyna eýedir. AirPods 4 129 dollar bahadan eýýäm öňünden sargyt etmek üçin elýeterli. Şol bir wagtyň özünde AirPods Pro 2 bolsa 179 dollardan satylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir