21-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir