Portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu diňe bir oýun meýdançasynda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşynda hem rekord goýmagy dowam edýär. Şu gün, 12-nji sentýabrda, Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň ýyldyzy özüniň sosial media platformalarynda bar bolan hasaplaryndaky muşdaklarynyň sanynyň bir milliard adama ýetendigini habar berdi. Ronaldu «X» platformasyndaky hasabynda: «Ýene bir taryh ýazdyk... milliard muşdak! Bu ýöne bir san däldir, ol biziň oýna bolan bilelikdäki höwesimiziň, isleglerimiziň hem-de söýgimiziň subutnamasydyr» diýip ýazgy goýdy. «Madeýranyň köçelerinden dünýäniň iň uly sosial platformalaryna çenli hemişe maşgalam hem-de siziň üçin oýnadym. Bu gün biziň ýanymyzda milliarda adam bar. Bu ýolda her bir ädimde, her hili ýagdaýda — gowy günümde-de, kyn günümde-de ýanymda bolduňyz. Biz bu ýoly bilelikde külterledik. Bu biziň bilelikdäki syýahatymyz. Biz bilelikde ýetip biljek zatlarymyzyň çäginiň ýokdugyny görkezdik» diýip ýazdy. «Maňa bolan ynamyňyz, goldawyňyz we durmuşymyň bir bölegi bolanyňyz üçin siziň ähliňize sagbolsun aýdýaryn. Has gowy günler heniz öňde. Biz bilelikde üstünlik gazanarys we bilelikde taryh ýazmaga dowam ederis!» diýip, Ronaldu sözüni jemledi. Mälim bolşy ýaly, geçen hepde Ronaldu resmi oýunlarda 900-den gowrak gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başarypdy. Şol duşuşyklardan soňra metbugat wekillerine teswir beren Ronaldu: «Bu köp zady aňladýar. Bu uzak wagtdan bäri gazanmak isleýän üstünliklerimiň biridi. Muňa ýetjekdigime ynanýardym. Sebäbi oýnamagy dowam etdireniňde üstünlik gazanmak tebigy ýagdaýdyr» diýip gürrüň beripdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir