Sony kompaniýanyň resmi web sahypasynyň üsti bilen gaýtadan dikeldilen PS5 konsollaryny we DualSense geýmpadlaryny satyp başlar. VGC neşiriniň berýän maglumatyna görä, enjamlar gönüden-göni Sony-niň öz hünärmenleri tarapyndan synagdan geçirildi, bölek şaýlary çalşyldy we dikeldildi, bu bolsa olaryň hilini kepillendirýär. Sahypadaky düşündirişde enjamlaryň bu wersiýalarynyň täze görnüşlerinden tapawudynyň ýokdugy aýdylýar. Diskowodly PS5-iň durky täzelenen wersiýasy 400 dollar, diskowodsyz wersiýasy bolsa 350 dollar durýar. Deňeşdirmek üçin, täze modelleriň bahasy 100 dollar gymmat. Dikeldilen DualSense geýmpadlarynyň bahasy, reňkine baglylykda, 60-65 dollar aralygynda bolar. Dikeldilen enjamlaryň haçan satylyp başlanjakdygy barada entek maglumat ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir