Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw iPhone 16-nyň Hindistanda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykaryljakdygyny mälim etdi. Ozal kompaniýanyň önümleri bu ýurtda diňe içerki bazar üçin niýetlenip çykarylýardy diýip, IT Home habar berýär. iPhone önümçiliginiň diwersifikasiýa edilmegi, esasanam, üýtgeýän geosyýasy ýagdaý we üpjünçilik zynjyryndaky näbellilik şertlerinde Apple-iň bir ýurda garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, global bazardaky iPhone-larda diňe bir “Made in China” däl, eýsem “Made in India” ýazgysy hem peýda bolar. Ozal 2024-da Hindistan hökümeti ykjam enjamlar üçin komponentleriň import salgydyny 15%-den 10%-e çenli azaltdy. Bu çäre ýurda has köp öndürijini çekmäge we ýerli önümçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir