Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2024) jemleri jemlenildi. Forumyň jemleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär. Gol çekilen resminamalar pudaklaryň giň toplumyny, şol sanda energetika, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demir ýol enjamlary, ekologiýa, logistika pudaklaryny öz içine alýar. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda – dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak hakynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Owganystanyň hem-de Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda Ylalaşyk; Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyny gurmak, enjamlaşdyrmak we ulanyşa girizmek hakynda Çalik Energy (Türkiýe) kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda Ylalaşyk; Gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda Ähtnama bar. Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen Hytaýdan, Türkiýeden, Ýaponiýadan birnäçe kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe Ähtnamalara gol çekdi. 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumy iki günüň dowamynda 1150-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady. Forumyň çäklerinde döwlet, hususy kärhanalaryň wekilleriniň daşary ýurt wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyklary geçirildi.