Stenford uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary iýmit reňkleýji tartrazini ulanyp, syçanlaryň derisini wagtlaýynça dury edip biljek usuly oýlap tapdylar. Science žurnalynda beýan edilen bu usul alymlara haýwanlaryň gan damarlaryny we içgoşlaryny operasiýa etmezden, gözden geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, Science žurnalyna salgylanýan CNN ýazýar. Çipsy we doňdurma ýaly iýmitlerde ulanmak üçin kepillendirilen tartrazin deri dokumalarynyň refraktiw görkezijisini üýtgedýär we birnäçe minutlap ony dury edýär. “Biz ýagtylygyň köp bölegini, esasanam, gök we ultramelewşe şöhleleri özüne siňdirýän sary reňkleýjini ýagtylygy dargadýan deri bilen birleşdirdik. Aýry-aýrylykda bu maddalar kän ýagtylyk geçirmeýär, ýöne bilelikde syçanjygyň derisini dury etdiler " - diýip, barlagyň awtory Szyhao Ou düşündirdi. Durulyk ýene öňki durkuna öwrülip, dokumalara zeper ýetirmeýär. Alymlaryň sözlerine görä, bu tehnologiýa lukmançylykda giňden ulanylyp bilner, mysal üçin, gan alnanda damary aňsat tapmakda, deri kesellerini anyklamakda we deride amallary ýerine ýetirmekde. Şeýle-de bolsa, synaglar entek adamlarda geçirilmedi, sebäbi adamyň derisi syçanlaryňkydan on esse galyň. Bu usul Kramers - Kronig gatnaşyklarynyň belli fiziki ýörelgesine esaslanýar: material bir reňkdäki köp ýagtylygy özüne siňdirse, ol beýleki reňkleriň ýagtylygyny has güýçli öçürýär diýip, Londonyň Imperiýa kollejiniň uly mugallymy Kristofer Roulends düşündirdi. Usuly ulanmagyň aňsatdygyny we dokuma zyýan ýetirýän beýleki çemeleşmelerden tapawutlylykda, munuň düýpli zeperiniň ýokdugyny nygtady.