Ýaponiýanyň Milli materiallary öwreniş ylmy institutynyň alymlary titandan we nikelden ýasalan ultra berk we çeýe metal garyndysyny döretdiler. Işläp düzüjiler onuň şekilini üýtgetmäge ukyply futuristik uçarlary döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar diýip, Hi-Tech ýazýar. Material özboluşly aýratynlyklara eýedir: polat ýaly berk, ýöne daşky gurşaw şertleri üýtgände rezin ýaly süýnüp biler. Garyndyny öndürmegiň tehnologiýasy köp basgançakly gaýtadan işlemegi öz içine alýar: garyndy 50% süýndürilýär, 300 ° C-a çenli gyzdyrylýar we soňra ýene 12% süýndürilýär. Netijede, material atmosfera basyşyndan 18 000 esse ýokary basyşa çydap bilýär, güýji polat bilen deňeçer bolýar we çeýeligi deslapkysyndan 20 esse ýokarydyr. Täze garyndynyň esasy artykmaçlygy – temperaturanyň üýtgemegine durnukly. Häsiýetlerini -80 ° C-den +80 ° C aralygynda saklaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir