2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Huawei 20,3% paý bilen global dakylýan elektronika bazarynda öňdebaryjy boldy. IDC-niň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň gurluş üpjünçiligi 8,9 mln birlik bolup, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Huawei üçin esasy bazar Hytaý bolup galýar, bu ýerde kompaniýa bazara 6 mln töweregi gurluş iberip, bazar paýyny 38,4%-e çenli artdyrdy. Dakylýan gurluşlaryň global satuwynyň 0,7% azalandygyna garamazdan, Huawei önümlerine, aýratynam, Watch Fit 3 modeline isleg ýokary boldy. Şeýle-de, kompaniýa Merkezi we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika we Latyn Amerikasy bazarlarynda öz paýyny artdyrdy. Xiaomi 5,9 mln gurluş bilen üpjün edip, 13,5% paý bilen ikinji orny eýeledi, Apple bolsa 5,7 mln gurluş we 13,1% paý bilen üçünji orunda ýerleşdi. Samsung we BBK, degişlilikde, 3,3 we 2,9 mln gurluş bilen bäşligi jemlediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir