Apple güýzki tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde özüniň iň döwrebap we kuwwatly flagman modelleri bolan iPhone 16 Pro hem-de iPhone 16 Pro Max-y hödürledi. Bu gurluşlar hünärmenler, foto hem wideo düşürmegiň muşdaklary üçin niýetlenendir. Modeller özünden öňküleriň daşky görnüşini saklaýar, ýöne tapawut OLED displeýleriniň ulaldylmagynda: iPhone 16 Pro 6,3 dýuým, iPhone 16 Pro Max 6,9 dýuým displeý bilen üpjün edildi, ekranyň töwereginde inçe çarçuwa bar (takmynan, üçden bir inçe). Smartfonlar täze Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny hem-de beýleki öňdebaryjy iOS 18 mümkinçiliklerini goldaýan 16 ýadroly neýron hereketlendirijisi bilen optimizirlenen kuwwatly A18 Pro prosessory bilen üpjün edildi. Şeýle-de, gurluşlar obýektiwler bilen surata düşüriş režimleriniň arasynda aňsat geçmek, parametrleri sazlamak üçin sensor düwmesi bilen enjamlaşdyryldy. iPhone 16 Pro öň diňe Pro Max-da elýeterli bolan teleobýektiwde 5 esse optiki zuma eýe boldy. Smartfonlaryň ikisi-de has tiz 48 Mp Fusion kamera sensorynyň netijesinde sekuntda 120 kadr ýygylygy bilen 4K formatda surata düşürmegi goldaýar. Reňk palitrasy hem üýtgedi. Flagmanlar indi dört reňkde elýeterli: gara, ak, kümüşsöw we täze “çöl titany”. Satuw 20-nji sentýabra meýilleşdirilýär. Bahalar iPhone 16 Pro üçin 999 dollardan we iPhone 16 Pro Max üçin 1199 dollardan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir