Şu gün - 10-njy sentýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär. Forum dünýäniň abraýly bilermenlerini, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekillerini hem-de ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi. Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. S0ňra giň möçberli forum plenar mejlisi görnüşinde dowam etdi.