Smartfonlardan başga-da, Apple tanyşdyrylyş dabarasynda täze Watch Series 10 akylly sagatlaryny we AirPods 4 nauşniklerini hödürledi. Watch Series 10 sagatlary has inçe korpus (9,7 mm), ýagtylygy 40% ýokarlandyrylan uly displeý we uky wagtynda dem alşyň gysga wagtlaýyn saklanmagy bolan apnoeni anyklamak funksiýasy bilen tapawutlanýar. Sagatlara täze sifrli panel, şol sanda ýagtylyga täsirlenýän “Reflections” goşuldy. Şeýle-de, modelde dört ýadroly Neural Engine prosessorly täze çip S10 peýda boldy, zarýad berşiň tizligi we uky wagtynda bilegiň temperaturasyny ölçemek funksiýasy gowulaşdyryldy. Jet Black reňkiniň korpusy özboluşly görnüş berýän ýylmanan alýuminden ýasaldy. Şeýle-de, adaty alýuminden kümüş we gülgüne modeller bar. Mundan başga-da, kompaniýa titan korpusly görnüşi taýýarlady. Baha 399 dollardan başlaýar. Şeýle-de, kompaniýa AirPods hataryny täzeledi. AirPods 4 nauşnikleri sesi has aýdyň kabul edýän kämilleşdirilen draýwerlere we mikrofonlara eýe boldy. Dizaýn hem üýtgedi. Nauşnikler üçünji nesle garanda formasyny üýtgetmese-de, birneme kiçeldi. Korpus hem kiçeldildi. Ol USB-C portuna we “Lokatoryň” işlemegi üçin dinamikalara eýe boldy. Nauşnikler simsiz zarýad berişden başga-da, MagSafe tehnologiýasyny goldaýar. Olara Apple Watch kabeliniň kömegi bilen hem zarýad berip bolar. Täze AirPods iki görnüşde çykarylar: işjeň galmagaly ýatyrma bolmazdan (129 dollar) we işjeň galmagaly ýatyryş bilen (179 dollar). Täze önüm kelle bilen dolandyryşy hem goldaýar, mysal üçin, “hawa” hereketi bilen jaňa jogap berip, “ýok” hereketi bilen ony ret edip bolar. Bu funksiýa iň gymmat AirPods Max nauşnikleriniň täzelenen görnüşinde-de elýeterlidir. Ol täze H2 çibine, USB-C portuna we gepleşik wagty sesiň gatylygyny awtomatik peseltmek funksiýasyna eýe boldy. Täze AirPods Max bäş reňkde elýeterli: gara, ak, mämişi, çal we “şöhle saçýan ýyldyz”. Olaryň bahasy 550 dollar. Gurluşlaryň satuwy 20-nji sentýabrda başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir