NASA-nyň alymlary Antarktidanyň ýalpaklyk buzluklaryny öwrenmek üçin suwasty robotlary döretdiler. Uzynlygy 2,4 metr we diametri 25,4 sm bolan bu özbaşdak apparatlar planetanyň barmasy iň kyn ýerlerinde buzuň ereýşi baradaky maglumatlary ýygnar diýip, CNN habar berýär. NASA-nyň reaktiw hereket laboratoriýasynyň klimaty öwreniji alymy Ýan Fentiniň ýolbaşçylygyndaky IceNode taslamasy Dünýä ummanynyň derejesine täsir edýän proseslere düşünmegi maksat edinýär. Alymlar üçin “ýere birleşiş çyzygy” - buzuň ummana çümüp, suwuň täsiri bilen iň güýçli ereýän ýeri aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu sebiti öwrenmek Antarktikanyň landşaftynyň gazaply şertleri sebäpli çylşyrymlaşýar. Robotlar suwasty akymlary ulanyp, buzuň aşagynda hereket ederler, maglumatlar bolsa soňraky derňewler üçin geçiriler. Apparatlaryň ilkinji synaglary Alýaskanyň kenaryndaky Bofort deňziniň suwlarynda geçirildi. “Topar häzir robotlaryň tehniki mümkinçiliklerini ösdürmäge ünsüni jemledi. Eýýäm goşmaça synaglary geçirmek meýilleşdirildi "-diýip, inžener-mehanik we taslamanyň ýolbaşçysy Pol Glik aýtdy.