Berlinde geçirilen IFA 2024 sergisinde Lenovo kompaniýasy Auto Twist AI konseptual noutbugyny hödürledi. Gurluş özboluşly aýratynlyga eýe boldy: onuň ekrany awtomatik açylýar we ulanyjynyň hereketini yzarlamak bilen öwrülýär diýip, Tom’s Hardware portaly habar berýär. Ulanyjynyň hereket ýagdaýyny yzarlamak funksiýasy motorlaşdyrylan Dual Degree of Freedom şarniriniň kömegi bilen mümkin boldy. Ol displeýiň has gowy görünmegini üpjün edýär, bu bolsa wideokonferensiýalar wagty hereket etmeli bolanda has amatlydyr. Auto Twist AI “planşet režimine geçmek”, “noutbuk režimine geçmek” we “noutbugy ýapmak” ýaly ses buýruklaryna täsirlenýär. Haçan-da ulanyjy gurluşdan daşlaşanda, onuň gapagy awtomatik ýapylýar, ýöne bu funksiýany öçürmek hem bolýar. Mundan başga-da, Twist AI göwräniň durşuna gözegçilik etmek, displeýiň egme burçuny sazlamak we arakesmäni ýatlatmak ýaly saglyk funksiýalary bilen üpjün edildi. Häzirlikçe Lenovo Twist AI diňe konsept görnüşinde bolup, onuň çykjak senesi hem bahasy barada maglumat berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir