Kairiň 50 km gündogarynda, Müsüriň çölde gurulýan täze dolandyryş paýtagtynda dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa gökdirän binany gurmak meýilleşdirilýär. The Forbes International Tower diýlip atlandyrylýan bu taslama beýikligi 240 metr bolan 43 gatly edara binasynyň gurluşygyny öz içine alýar diýip, CNN habar berýär. Magnom Properties kompaniýasy binanyň asla uglerod zyňyndysyz boljakdygyny, aýtdy. Munuň özi gökdirän bina ulanylan wagtynda onuň atmosfera goýberjek kömürturşy gazyndan özüne siňdirjek kömürturşy gazynyň has köp boljakdygyny aňladýar. Bu maksada ýetmek arassa wodorodyň we Gün energiýasynyň ulanylmagy arkaly mümkin bolar. Suwuk organiki wodorod göterijiler (LOHC) tehnologiýasy arkaly öndürilen wodorod binanyň esasy energiýa çeşmesi bolar. Bu innowasiýa usuly wodorody howpsuz saklamaga we daşamaga, soňra bolsa ony energiýa öndürmekde ulanmaga mümkinçilik berýär. Wodorod zerur energiýanyň takmynan 75% -ini üpjün eder, galan 25% -i bolsa binanyň fasadyna oturdylan Gün panellerinden geler diýip garaşylýar. Gökdirän binanyň gurluşygynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 58% azaldýan ýörite pes uglerodly materiallar ulanylar. Mundan başga-da, Müsürde suw ýetmezçiliginiň bardygy sebäpli binada suw arassalaýjy ulgam gurlar. Taslama 2024-nji ýylyň ahyrynda gurlup başlanmagy meýilleşdirilýän täze paýtagtyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň bir bölegidir. Täze paýtagtyň döredilmegi köp adamly Kairiň ilatyny egismek we şäheri iri maliýe we işewürlik merkezine öwürmek zerurlygy bilen baglanyşyklydy. Taslamanyň umumy bahasy 58 milliard dollar diýlip çaklanylýar.