Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Türkmenistanyň taryhynda 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda ilkinji altyn medaly gazandy. Bu medala türkmenistanly pälwan Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) eýe boldy diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi: saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy; ukrainaly Oleksandr Mamroşy 10:0 hasap bilen ýeňdi; çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen 10:0 hasap bilen ýeňdi; ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy; final tutluşygynda amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy. Alp Arslan Begenjow şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir