Hytaýyň BYD kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynda satuw boýunça dünýäniň awtomobil brendleriniň arasynda üçünji orny eýeledi. Yiche-niň maglumatlaryna görä, BYD 315 600 awtomobil satyp, diňe iki awtokonsernden yza galdy diýip, IXBT ýazýar. Bazaryň lideri uly tapawut bilen Toyota bolmagynda galýar, ol 651 200 awtoulag satdy. Volkswagen 346 200 birlik bilen ikinji orny eýeleýär. BYD Volkswagen-den öňe geçip, ikinji orny eýelemek üçin ösüşi dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Bu üstünlik hytaý brendi üçin möhüm boldy, çünki Hytaýdan başga hiç bir kompaniýa ilkinji onluga girip bilmedi: Chery 71 100 satylan awtomobil bilen 18-nji, Geely bolsa 63 800 birlik bilen 20-nji orny eýeledi. Iýul aýyndaky üstünligine garamazdan, BYD ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli aralykda 1 714 100 awtomobil satyp, umumy sanawda sekizinji orunda galdy. Toyota we Volkswagen, degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýeleýärler, öňdebaryjylaryň üçlügini Honda jemleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir